Umumy Ýygnaklar Üçin Mynajatlar (#12001)

Hu’Alla.
    Eý meniň Taňrym! Eý Ýalkaýjy! Bu ýygnak Seniň zikriňe bezenendir we bu jem Seniň Melekutyňa üns berendir. Olaryň köňülleri begençden we janlary buşlukly hyjuwdan doludyr.
    Barhudaýa! Eý Mähriban! Bu jemi şadyýan eýle we olara Öz Ylahy älemiňde asudalyk ber. Günäleri öt, aman ber, ägä eýle we Melekuty dergähiňe ýetir. Sensiň Jomart, Bagyşlaýjy we Mähriban.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Umumy Ýygnaklar Üçin Mynajatlar (#12002)

Hu’Alla.
    Eý Ylahy dostlarym! Begenç we şadyýanlyk wagtydyr hem Ylahy häsiýetlere eýelenmek zamany. Bu pany dünýe puç kölege ýaly geçip baradyr. Ömür günleri ötüp baradyr. Ynha bir gün, bu dünýeden ol dünýä baramyzda, elimizde çyra, ýüzümizde ýalkym, janymyzda ruh bolmalydyr. Serediň göwre zannyň nyşanydyr.
    Bar gabyrlar, hat-da dünýä belli meşhur soltanlaryň mazarlary garaňky hem tümlükdir. Ýöne Taňry dostlarynyň Mukaddes guburlary nurana hem röwşendir. Onda janyňyz bilen, tüýs ýürek bilen hümmet ediň, joşuň, belki Alla dergähinde kabul edilip, Onuň Mukaddes deminden direleris. Pesliklerden üzňe bolup, Ebedi diriligiň işiginden gol bulaýlarys. Belki tükeniksiz Rähmet tapyp, hemişelik ýaşaýşa ýeteris. Alkyş we sena diňe Seniňdir.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Umumy Ýygnaklar Üçin Mynajatlar (#12000)

Hu’Alla.
    Eý Perwerdigär! Bu jemi Öz Rahmany Mähriňe nyşan eýle, Ylahy Rähmetiň başlangyjy kyl. Ummasyz bähriňden gandyr, Hakykat güneşiniň şapagy bilen röwşen hem aýan eýle. Ýagtysy Ebedi säherde ýalkym saçar ýaly, köp-köp Ýalka, Hemişelik Ylahy älemde eseri ýaýrar ýaly, olara merhemet eýle. Sensiň Gudratly we Başarjaň. Sensiň Bagyşlaýjy we Mähriban. Dogrudanam Keramatly we Gerçek Sensiň.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Umumy Ýygnaklar Üçin Mynajatlar (#11999)

Eý dostlar! Hudaýa şükür, söýgi çölünde awara, Alla yşkynda sergezdansyňyz. Ýar köýüne bendiwan, Onuň müşk saçýan saçyna perişansyňyz. Alla ýolunda binowa bolduňyz hem Mübärek Jemalyň yşkynda ryswa hem bikararsyňyz. Sergeşte hem mejnun siz, awara hem şeýda siz. Bu ykbalyň gadyryny biliň hem bu Jomartlygyň, bu Keremiň gymmatyna düşüniň.
    Ynha soltan hem raýat, wezir hem emir, baý hem garyp bary toprak gatlarynyň astynda gömlüp, atsyz, nyşansyz mazarlaryň düýbünde ýatandyrlar. Siz bolsa taban ýyldyzlar ýaly, hakykat daňyndan barlyk äleminde parlap, ýyllar we asyrlar geçdigiçe has röwşen ýalkym saçarsyňyz. Siziň Ebedi sylagyňyz günbe-gün artar we arşyň üstünde ýagty rugsaryňyz bilen şeýle bir jilwe taparsyňyz ki, siziň nurana ýalkymyňyz asyrlar boýy şölhe saçar. Bu dünýäniň ýagtylygyna sebäpkär bolmak üçin her dem hümmet ediň hem-de ähli ynsanlara ýol salgy bermek üçin gije-gündiz hyzmat ediň. Hakyky tebipler boluň, sökellere şypa beriň, ýaralara melhem ýapyň. Nadanlara ylym-bilim öwrediň, azaşanlara halas ediji ýol salgy beriň. Onda ýene bir pyýala paýlap, ýene doly jam içiň. Täzeden bir hezil ediň.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

